ätlemek

ätlemek
işlik
1) Bir zadyň üstünden ädip geçmek, ötmek.
∙ Şolaryň üstünden ätlemelidi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
∙ Garly ussa howlyň derwezesinden içine ätlän badyna, jaýlaryň biriniň işigi giňden açyldy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
2) seret ätmek 1
∙ Begenç Aýsoltana bakan nähili ädim ätlänini duýmady. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
∙ Dogrusyny diýsem, ol ýigit towşan kowalajak ýaly örän eserdeň ätleýärdi. (N. Pomma, Egri Eýikmez)
∙ Ol epeý-epeý ätläp, özi üçin taýýarlanan düşegiň üstüne geçip oturdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
3) Göçme manyda Aýgytly-hereket etmek, öňe gitmek.
∙ Öňe tarap ätleýäris. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужно решить контрольную?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»